Dünýäniň birinji raketkasy Jokowiç fewraldan bäri birinji ýaryşynda utuldy

  • 13.04.2022 14:05
  • 4.1k+

Dünýäniň birinji raketkasy, serbiýaly Nowak Jokowiç Monto-Karloda geçen «Masters» seriýasynyň turniriniň ikinji aýlawynda utuldy. Turniriň göni ikinji aýlawyndan başlan serbiýaly türgen ispaniýaly Alehandro Dawidowiç-Fokinaden 3;6, 7;6 (7;5), 1;6 hasap bilen utuldy. Dawidowiç-Fokina dünýä reýtinginde 46-njy ýerde durýar, Dawid Goffen (Belgiýa) — Daniel Ewans (Beýik Britaniýa)  oýnuň ýeňijisi onuň indiki bäsdeşi bolar.

Jokowiç bu möwsümde diňe ikinji turnire gatnaşdy. Soňky gezek ol korta 24-nji fewralda çykypdy, şonda Dubaýda geçen çärýek finalda 4;6, 6;7 (4;7) hasap bilen çeh Irži Wesýolydan ýeňlipdi.
Möwsümiň başynda serbiýaly türgen «Uly tuwalganyň» — Australian Open-niň birinji turnirini sypdyrypdy. Awstraliýanyň hökümeti kowide garşy çäreleriň düzgünlerini bozany üçin onuň wizasyny ýatyryp, ýurtdan deport edipdi. Ol Indian-Uellsde we Maýamide geçen «Masters» seriýasynyň mart turnirlerinde-de çykyş edip bilmändi.


08.06.2026 12:41
2k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....