«Forbes» iň ýaş milliarderleriň gazançlaryny mälim etdi

  • 11.04.2022 17:09
  • 19k+

«Forbes» žurnaly 2022-nji ýylda iň ýaş milliarderleriň gazançlaryny mälim etdi. Olaryň umumy baýlygy 25,8 mlrd dollara ýetdi. Bu barada lenta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

30 ýaşdan kiçi milliarderleriň reýtinginde 12 adam bolup, olardan dördüsi özbaşdak gazanç eden täze milliarderlerdir. Şeýlelikde, sanawda birinji orny Sem Benkman-Frid bilen bilelikde FTX kriptowalýuta biržasyny esaslandyran 29 ýaşly amerikaly Geri Wan ($5,9 mlrd) eýeledi. Bu birža 2019-njy ýyldan bäri işleýär, onuň her günde tranzaksiýa göwrümi 15 mlrd dollara ýetip bilýär.

Ikinji orunda Bolt onlaýn tölegi üçin serwis döretmek maksady bilen Stenford uniwersitetini terk eden 27 ýaşly Raýan Breslou ýerleşdi. Onuň baýlygy 2 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Üçünji orunda her biri 1,5 mlrd dollara eýe bolan Pedro Françeski hem-de Enrike Duburgas bar. Olar häzirki wagtda 12,3 mlrd dollar bilen bahalandyrylýan Brex kredit kartoçkasyny çykarmak boýunça kompaniýany işe girizdiler. 

12 milliarderden bäşisi öz emlägini miras aldy, ýedisi özbaşdak biznesi ösdürdiler. 30 ýaşdan kiçi milliarderleriň geçen ýylky reýtinginde 10 adam bardy, ýöne olaryň umumy baýlygy 2022-nji ýyldaky toparyň baýlygyndan 3,7 mlrd dollar köpdi. “Forbesiň” dünýäniň iň baý adamlarynyň umumy sanawynda ilkinji gezek Tesla we SpaceX kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask birinji orny eýeledi. 11-nji marta çenli onuň baýlygy 219 mlrd dollar boldy. 


16.12.2025 19:42
8.4k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy...

09.12.2025 21:31
12k+

29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär. Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy...

27.11.2025 23:20
6.4k+

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlügine girdi

Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sergeý Brin 245 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, ol Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan öňe geçdi...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...