Raisi: Eýran parahatçylyk maksatly atom pudagynda barlaglaryny işjeňleşdirýär

  • 10.04.2022 21:57
  • 13k+

EYR-nyň Prezidenti Ebrahim Raisi  parahatçylyk maksatly atom pudagynda geçirilýän barlaglaryň işjeňleşýändigini mälim etdi.

EYR-nyň Prezidentiniň diwanynyň  berýän habaryna laýyklykda, Raisi Eýranyň Atom energiýasy boýunça guramasy tarapyndan  Milli ýadro tehnologiýasy güni mynasybetli guralan sergä gatnaşdy.
Eýranyň Atom energiýasy boýunça guramasynyň başlygy Muhammed Islami hem-de ylym we tehnologiýa boýunça wise-prezident Sorena Sattari prezidenti atom pudagynda gazanylanlar bilen tanyşdyrdylar.
Raisi öz çykyşynda Eýranyň ýadro pudagyndaky barlaglarda ep-esli ösüşleri gazanandygyny mälim etdi. "Ýadro energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak pudagynda alymlaryň barlaglarynyň depgini artdy we hökümet bu işi goldar" diýip, ol aýtdy. 
Eýranyň Atom energiýasy boýunça guramasy hem öz gezeginde Huzestan welaýatynyň Darhowin şäherindäki atom elektrostansiýasynda 360 müň megawatt elektroenergiýany öndürmek boýunça taslamanyň önümçilige ornaşdyrylýandygyny yglan etdi.


24.03.2026 11:55
12k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

23-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdi...

17.03.2026 15:58
7.7k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

16.03.2026 14:48
11k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...

11.03.2026 02:01
25k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Beýik Liderini gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Seýed Mojtaba Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady...