Polşaly tennisçi Swýontek yzly-yzyna üçünji ýaryşy utdy

  • 04.04.2022 00:07
  • 3.5k+

Polşanyň wekili Iga Swýontek Maýamide Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň (WTA) turniriniň finalynda ýaponiýaly Naomi Osakadan üstün çykdy.

Duşuşyk 6:4, 6:0 hasap bilen turnirde saýlantgy topardaky ikinji belgili Swýontegiň peýdasyna tamamlandy. Polşaly tennisçi yzly-yzyna 17-nji oýny utdy we üçünji turnirde yzly-yzyna titul gazandy. Owal Swýontek Dohadaky we Indian-Uellsdäki ýaryşlarda ýeňiş gazanypdy.
Swýontek 20 ýaşynda, onuň WTA-nyň penakärliginde gazanan alty tituly bar, ol 2020-nji ýylda geçen Fransiýanyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi. 4-nji aprelde Swýontek dünýäniň birinji raketkasy bolar, sebäbi 23-nji martda dünýä reýtinginiň häzirki lideri we 2021-nji ýylda Maýamide geçen turniriň çempiony awstraliýaly Eşli Barti karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.
Osaka 24 ýaşynda, ol öň dünýäniň birinji raketkasy bolupdy. Häzirki wagtda ýapon gyzy WTA-nyň reýtinginde 77-nji setiri eýeleýär. Osakanyň hasabynda guramanyň penakärliginde gazanan ýedi tituly bar, ol Uly tuwalganyň dört turniriniň çempiony hasaplanýar.
Maýamidäki turnir WTA 1 000 kategoriýasyna degişli, onuň baýrak gaznasy 8,3 mln dollardan ybarat.


04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....

03.05.2026 11:45
1.1k+

Sinner «Masters» ýaryşlarynyň rekordyny goýup, Federerden we Jokowiçden öňe geçdi

Italýan tennisçisi Ýannik Sinner Madridde geçirilýän ATP «Masters» ýaryşynyň finalyna çykdy we bu kategoriýadaky ähli ýaryşlaryň finalyna ýetmegiň tizligi boýunça rekord goýdy....

21.04.2026 14:50
4.8k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

19.04.2026 18:54
1.7k+

Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy

Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar....