Şuşa türki dünýäsiniň paýtagty diýlip yglan edildi

  • 01.04.2022 20:06
  • 12k+

Halkara türki medeniýetiniň guramasy (TÜRKSOÝ) Şuşa şäherini türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etdi. Degişli karar Bursada geçirilen guramanyň hemişelik geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde kabul edildi. Bu barada Azerbaýjanyň döwlet habarlar agentligi AzerTaj habar berýär diýip, TASS belleýär.

TÜRKSOÝ türki dilli ýurtlary birleşdirýän medeni guramadyr. Guramanyň esasy maksady türki halklaryň umumy maddy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, ösdürmek we geljekki nesillere geçirmek üçin türki halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlykdan ybarat. Türki medeniýetini we sungatyny bilelikde ösdürmek boýunça gurama 1993-nji ýylyň 12-nji iýulynda Alma-Ata şäherinde döredildi, onuň düzümine garaşsyz döwletleri, federal subýektleri ýa-da üçünji ýurtlaryň awtonom sebitlerini öz içine alýan 14 agza girýär.


06.06.2026 16:07
6.8k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

01.06.2026 14:04
3.2k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......