Bütin dünýäde noutbuklara bolan isleg azaldy

  • 27.03.2022 22:03
  • 8.2k+

2022-nji ýylyň fewral aýynyň netijelerine görä, noutbuklaryň bazary pese gaçýar. Bu barada Digitimes Research-iň analitikleri aýtdy diýip, MIR24 habar berýär. 

Fewral aýynda bazaryň öňdebaryjy bäş wenderi (Apple-i hasaba almazdan) 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende noutbuk üpjünçiligini 10% azaltdy. 2022-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende üpjünçilik, takmynan, 2% az boldy.
Hünärmenler bazaryň pese gaçmagyny elektron bölekleriň ýetmezçiligi, sarp ediji we korporatiw segmentlerde islegiň azalmagy, kompaniýalaryň täze modelleri çykarmaga taýýarlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Mundan başga-da, kärhanalaryň işinde hem bökdençlikler ýüze çykdy.
Geçen iki ýylda tutuş dünýäde noutbuklara bolan isleg artdy, sebäbi ulanyjylara pandemiýa şertlerinde okamak we işlemek üçin goşmaça kompýuter enjamlary gerek boldy.

şu gün 00:57
555

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
411

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
653

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......