2022-nji ýylda Türkmenistan HHR-a gazyň eksportyny bir ýarym esse diýen ýaly artdyrdy

  • 22.03.2022 12:37
  • 9.7k+

Türkmenistan HHR-a turbadan akýan tebigy gazyň eksporty boýunça birinjiligi elden bermän gelýär: HHR-yň Baş gümrük müdirliginiň hasabatyna görä, 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hytaý türkmen gazynyň 1,44 mlrd dollarlygyny (ösüş 1,47 esse) import etdi.

Ikinji ýerde Russiýa ($526,9 mln), onuň yzysüre Mýanma ($224,6 mln), Gazagystan ($105,1 mln) we Özbegistan ($48,4 mln) gelýär.
Çap edilen hasabata laýyklykda, ýanwar-fewral aýlarynda Hytaýa suwuklandyrylan tebigy gazy ugratmakda öňdeligi Awstraliýa ($3,57 mlrd) eýeläp gelýär, onuň yzyndan Katar ($2,32 mlrd), Malaýziýa ($1,87 mlrd), Indoneziýa ($746 mln), Russiýa ($503 mln) we ABŞ ($665 mln) geýär.


düýn 19:01
3.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...