Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy

  • 20.03.2022 13:54
  • 14k+

19-njy martda Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralar günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Kabul ediş merkezinde guralan resmi kabul edişlik bilen dowam etdi.

Bu ýerde täze saýlanan döwlet Baştutany söz sözledi we saýlawlarda ses berip, goldan ildeşlerimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip: «Men halkymyzyň ynamyny ödemek, Arkadag Prezidentimiziň syýasatda, ykdysadyýetde, medeni ulgamda we jemgyýetçilik durmuşynda başlan özgertmelerini dowam etdirmek üçin, raýatlarymyzyň bähbidine, geljek nesillerimiziň abadançylygynyň hatyrasyna yhlas bilen zähmet çekjekdigimi ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin» diýip nygtady.

Resmi kabul edişligiň çäklerinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.  Meşhur sungat ussatlarynyň we ýaş höwesjeň aýdymçylaryň dürli dillerde ýerine ýetiren hoş owazly aýdymlary bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.


11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......