Konferensiýalar ligasynyň 1/4 finalynyň bijeleri çekildi

  • 18.03.2022 23:33
  • 7.7k+

Şu gün, 18-nji martda, Nýonda (Şweýsariýa) 2021/2022 möwsümiň UEFA Konferensiýalar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň bijeleri çekildi.

Bijeleriň netijeleri:
«Budö-Glimt» (Norwegiýa) — «Roma» (Italiýa);
«Feýenoord» (Niderlandlar) — «Slawiýa» (Çehiýa);
«Marsel» (Fransiýa) — PAOK (Gresiýa);
«Lester Siti» (Angliýa) — PSW (Niderlandlar).

Şeýle hem ýarym final duşuşyklarynyň bijeleri çekildi: «Lester Siti» — PSW jübütiniň ýeňijisi «Budö-Glimt» — «Roma» jübütiniň ýeňijisi bilen, «Feýenoord»  — «Slawiýa» oýnunyň ýeňijisi bolsa, «Marsel» — PAOK duşuşygyň ýeňijisi bilen oýnaşar.
Birinji çärýek final duşuşyklary 7-nji aprelde, jogap oýunlary 14-nji aprelde geçiriler.
Ýarym final oýunlary 28-nji aprelde we 5-nji maýda geçiriler. Konferensiýalar ligasynyň finaly 25-nji maýda Tiranada (Albaniýa) «Arena Kommbetare» arenasynda geçiriler.
Konferensiýalar ligasynyň ýeňijisi indiki möwsümde Ýewropa ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanar.


şu gün 10:24
992

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......