«Barselona» — «Aýntraht», Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň bijeleri çekildi

  • 18.03.2022 23:23
  • 7.8k+

Ýewropa ligasynyň çärýek finalynda «Barselona» futbol kluby «Aýntraht» germen kluby bilen duşuşar. 1/4 final tapgyrynyň bijeleri şu gün Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) Şweýsariýadaky Nýon şäherindäki ştab-kwartirasynda çekildi.

Beýleki çärýek final duşuşyklarynda germanlaryň «Leýpsig» kluby italýanlaryň «Atalanta», iňlisleriň «West Hemi» fransuzlaryň «Liony», portugallaryň «Bragasy» şotlandlaryň «Reýnjersi» bilen duşuşar.
Ýewropa ligasynyň birinji ýarym final duşuşygynda «Leýpsig»-«Atalanta» we «Braga»-«Reýnjers», ikinji ýarym finalda «West Hem»-«Lion» we «Aýntraht»-«Barselona» jübütleriniň ýeňijileri duşuşar.
1/4 final tapgyrynyň birinji oýunlary 7-nji aprelde, jogap oýunlar 14-nji aprelde geçiriler. Ýarym final duşuşyklary 28-nji aprelde we 5-nji maýda geçiriler. Final duşuşygy 18-nji maýda Ispaniýanyň Sewilýa şäherindäki «Roman Sançes Pishuan» stadionynda geçiriler.


şu gün 10:19
4.1k+

ABŞ Dünýä çempionaty-2026-nyň janköýerleri üçin wiza almak işini ýeňilleşdirer

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmagy meýilleşdirýän daşary ýurtly janköýerler üçin wiza almak işiniň ýeňilleşdirilýändigini aýtdy. Amerikan lideriniň sözlerine görä, syýahatçylyk wizasyny almagyň möhleti ep-esli azaldyldy...

düýn 23:25
4.9k+

Kýurasaonyň milli ýygyndysy DÇ-2026-a çykdy: bu ýaryşda iň kiçi we az ilatly ýurt

Kýurasaonyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy. Saýlama tapgyrynyň aýgytly oýnunda Dik Adwokatyň ýolbaşçylygyndaky topar Ýamaýka bilen deňme-deň oýnady – 0:0. Bu hem ada döwletine dünýä çempionatyna göni ýollama almaga mümkinçilik berdi...

düýn 23:20
5.9k+

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna 48 gatnaşyjydan 42-si belli boldy

2026-njy ýylyň tomsunda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak 48 milli toparyň 42-si belli boldy. Zolaklar boýunça gatnaşyjylar: ·UEFA (Ýewropa): Germaniýa, Şweýsariýa, Şotlandiýa, Fransiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Awstriýa, Norwegiýa, Belgiýa, Angliýa, Horwatiýa...

düýn 10:12
5.8k+

Neýmaryň kakasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy

Braziliýaly futbolçy Neýmaryň kakasy Neýmar da Silwa Santosa degişli bolan NR Sports kompaniýasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy. UOL portalynyň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy 18 mln dollar boldy. Satyn alyş barada resmi bildirişiň çarşenbede bolmagyna garaşylýar...