Messi «Altyn pökgä» dalaş edýänleriň reýtinginde 20-nji setire düşdi

  • 18.03.2022 00:13
  • 11k+

Goal.com-yň wersiýasy boýunça, arentinaly hüjümçi Lionel Messi indi «Altyn pökgä» dalaş edýänleriň onlugyna girmeýär.

«PSŽ-niň» hüjümçisiniň eýeleýän orny bir hepdäniň içinde 10-dan 20-ä düşdi. Muny «Realdan» utulan parižlileriň Çempionlar ligasyndan gaýtmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
«Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu iki orun ýokary süýşüp, aralyk reýtingde 16-njy setiri eýeleýär.

Birinji onluga girenler:

  1. Robert Lewandowski — «Bawariýa»
  2. Karim Benzema — «Real»
  3. Mohamed Salah — «Liwerpul»
  4. Kilian Mbappe — «PSŽ»
  5. Luka Modriç — «Real»
  6. Sadio Mane — «Liwerpul»
  7. Bernardu Silwa — «Mançester Siti»
  8. Winisius Žunior — «Real»
  9. Duşan Wlahowiç — «Ýuwentus»
  10. Riýad Marez — «Mançester Siti»

Öň, martda ýylyň iň gowy oýunçysyny däp boýunça kesgitleýän «Frans Futbol» ses beriş ulgamyndaky üýtgeşmeler hakynda gürrüň berendigini ýatlalyň. Indi baýragyň eýesi kesgitlenende tutuş senenama ýylyna däl-de, möwsümiň jemi boýunça netijelere has uly ähmiýet berler.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......