Gazagystan Türkmenistanda täze ilçisini belledi

  • 17.03.2022 09:31
  • 4.2k+

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň Türkmenistandaky täze ilçisini wezipä belledi. Ozal Täjigistanda iş alyp baran Askar Tažibaýew indi Türkmenistanda Gazagystanyň adyndan wekilçilik eder. Bu barada orient.tm habar berýär.

Askar Tažibaýew 1962-nji ýylda Almatyda doglup, Almaty energetika institutyny tamamlady. Gazagystanyň daşary syýasat edarasynda ol işgärler we konsullyk müdirliklerinde, GDA-nyň işleri boýunça komitetde, Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz we Türkiýe departamentlerinde işledi.
Häzirki wagta çenli Türkmenistanda Gazagystanyň adyndan wekilçilik eden Ýerkebulan Sapiýew bolsa Türkiýä ilçi bellenildi.


11.05.2026 22:55
933

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......