«Atletiko» «Mançester Ýunaýtedi» ýeňip, Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy

  • 16.03.2022 15:31
  • 7.5k+

Ispaniýanyň «Atletiko» futbol kluby Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşygynyň jogap oýnunda «Mançester Ýunaýtedden» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Mançesterde «Old Trafford» stadionynda geçirildi.

Ýeke-täk goly 41-nji minutda Renan Lodi geçirdi. Madridde geçirilen birinji oýun 1:1 hasabynda tamamlanypdy. Iki oýnuň jemleri boýunça «Atletiko» Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna çykdy. Onuň garşydaşy 18-nji martda geçiriljek bije çekilşikde belli bolar.
«Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynda oýnan wagt dowamlylygy boýunça Iker Kasilýasyň rekordyny täzeledi. Kasilýasyň görkezijisi 15 908 minutdy. Ronaldu bu görkezijini «Atletiko» bilen duşuşygyň 47-nji minudynda geçdi.
Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 28-nji maýda Parižde geçiriler.


düýn 22:47
4.5k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
8.2k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.3k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.8k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......