Ermenistanyň täze prezidenti wezipesine girişdi

  • 13.03.2022 22:13
  • 7.7k+

Ermenistanyň bäşinji prezidenti Waagn Haçaturýan Halk ýygnagynyň ýörite mejlisiniň dowamynda kasam kabul etdi we wezipesine girişdi. Bu barada TASS habar berýär.

Dessuryň gidişinde döwletiň täze baştutany elini Ermenistanyň konstitusiýasynyň we VII asyryň Injili "Wehamor Awetaranyň" üstüne goýup, kasam kabul etdi.
3-nji martda Ermenistanyň mejlisi ikinji tapgyrda Haçaturýany respublikanyň täze prezidentligine saýlady. Onuň kandidaturasyna 71 deputat ses berdi, olaryň ählisem häkimlik edýän "Raýat şertnamasy" fraksiýasynyň wekilleridir. Ermenistanyň öňki prezidenti Armen Sarkisýan 23 ýanwarda özüniň otstawka gidýändigini yglan edipdi.


09.02.2026 09:35
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ýolbaşçylaryny halkara baýragy bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlagyny ýollady...

16.01.2026 21:53
1.6k+

Türkmenistanyň we Ermenistanyň işewürleri Ýerewanda gepleşikleri geçirdiler

15-nji ýanwarda Ýerewan şäherinde Türkmenistanyň we Ermenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň işewürlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika, zergärçilik senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar...

13.12.2025 01:32
4.1k+

Ermenistan Türkmenistanyň halkara parahatçylyga we howpsuzlyga goşýan goşandyna ýokary baha berýär

Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi.  Ermenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, geçen 30 ýylyň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde özüniň ähmiýetini subut etdi...

12.12.2025 11:01
2.4k+

Türkmenistan Ermenistan bilen geljegi uly taslamalary işläp taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady

11-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Waagn Haçaturýan türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we halkara foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçirilýän forumyň sebit we dünýä derejesinde gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy...