Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary hem Prezident saýlawlaryna taýýar

  • 11.03.2022 09:37
  • 4.9k+

Häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň 30 döwletinde ýerleşýän ilçihanalarynda we konsullyklarynda saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi. Ses berilmegini guramaçylykly geçirmek üçin ähli degişli şertler göz öňünde tutuldy.

10-njy martda geçirilen Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda nygtalyşy ýaly, türkmen tarapynyň çakylygy boýunça ýurdumyza Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylar topary geldi. Mundan başga-da, geçiriljek möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüme Türki Döwletleriň Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan hem-de birnäçe goňşy ýurtlardan synçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň goldaw bermeginde synçylar toparynyň ştaby açyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny beýan etmäge daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem gyzyklanma bildirýärler.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer R.Meredowa Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegi, şeýle hem býulletenleriň öz wagtynda işlenilmegini hem-de maglumatlaryň Merkezi saýlaw toparyna berilmegini gazanmagy tabşyrdy.


16.03.2026 14:21
2.4k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.5k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...

05.03.2026 05:58
5.9k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

18.02.2026 17:02
2.6k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi...