Ýun Sok Ýol Günorta Koreýanyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

  • 10.03.2022 09:42
  • 4.8k+

“Raýat güýji” oppozision partiýasyndan Koreýa Respublikasynyň prezidentligine dalaşgär Ýun Sok Ýol saýlawlarda ýeňiş gazandy. Bu barada Merkezi saýlaw komissiýasy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Ýun Sok Ýol 48,56% ses, onuň esasy bäsdeşi dolandyryjy Demokratik partiýa “Toburodan”  Li Çže Mýon bolsa 47,83% ses aldy. Prezidentlik bäsleşiginde üçünji orunda bolan Sim San Çžon saýlawçylaryň sesiniň 2,37%-ini aldy. Saýlawlara gatnaşanlaryň sany 77,1% boldy, hasaba alnan 44,19 million saýlawçydan 34 milliondan gowragy ses berdi. 

Saýlanan prezident Milli mejlisde (parlament) partiýanyň ýolbaşçylarynyň öňünde çykyş etmek bilen ýurduň raýatlarynyň agzybirligini berkitmegi baş maksady hasaplaýandygyny aýtdy. Ol tarapdarlaryna goldaw berendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Ýun Sok Ýol döwlet baştutany wezipesinde “oppozisiýa bilen bilelikde işleşip, halka hyzmat edip Konstitusiýanyň we Milli mejlisiň ruhuna hormat goýjakdygyny” aýtdy. Ol özüniň saýlanmagyny “beýik adamlaryň ýeňşi” diýip atlandyrdy.

Li Çže Mýon özüniň ýeňlendigini boýun alyp, garşydaşyny gutlady. “Men elimden gelenini etdim, ýöne garaşylanyny ödäp bilmedim” – diýip, ol aýtdy. 


09.06.2026 12:22
2.6k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

08.06.2026 15:17
4k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....

27.05.2026 21:22
2.6k+

Samsung-yň paýnamalary, kärdeşler arkalaşygy aýlyk haklary baradaky ylalaşygy makullandan soň, gymmatlady

Samsung Electronics-iň kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň köpüsi çarşenbe güni aýlyk haky hakyndaky deslapky ylalaşygy goldap ses berdiler, bu bolsa global çip üpjünçiligine we Günorta Koreýanyň......