Samsung Galaxy A53 5G bildiriş edilmezden öň satuwa çykdy

  • 09.03.2022 18:18
  • 15k+

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy basym Galaxy A53 5G smartfony bilen müşderilerini tanyşdyrar, ol geçen ýylyň iň geçginli bolan smartfonlarynyň nobatdaky wekili bolar.

Ilkibada smartfony italýan onlaýn  dükanyna öňünden edilen sargyt esasynda alyp bolýardy, şeýle-de, täze harydy 350 ýewrodan Serbiýanyň onlaýn dükany satmaga başlapdy.
Samsung Galaxy A53-iň Full HD+ (1080 x 2400 piksel) razreşeniýeli 6,46 dýumly displeý bilen enjamlaşdyryljagy eýýämden mälim. 
Mundan başga-da, onuň selfi-kamera üçin merkezde oýtak ýeri bolar. Sag tarapda energiýa düwmesi we sesini sazlaýjy düwme ýerleşer. Esasy kamerasynda dört modul bolar.
Samsung Galaxy A53 6/8 GB operatiw ýat, şeýle-de, 128 GB ýa-da 256 GB fleş-ýat bilen üpjün ediler. Mundan hem başga, telefon microSD kart ýadynyň kömegi bilen 1 TB-a çenli ýat giňeltmesini göterer. Esasy kameranyň razreşeniýesi - 64 Mp, frontal - 12 Mp. 
Samsung Galaxy A53 iki reňkde goýberiler: ak we gök. Telefonyň ölçegleri - 159,5 x 74,7 x 8,1 mm, agramy - 190 gramm. Ol UI 4.0. daşly Android 12 operasion ulgamyň dolandyrmagynda işlär.


13.04.2026 15:19
3.2k+

Günorta Koreýa ilatyny mugt mobil interneti bilen üpjün eder

Iýun aýyndan başlap, Günorta Koreýada mobil internetine ählumumy mugt elýeterlilik girizilýär diýip, ýurduň Ylym ministrligine salgylanyp, «The Register» neşiri habar berýär....

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

10.04.2026 16:58
3.8k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Seulda türkmen talyplary bilen duşuşdy

7-nji aprelde Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary......