«Betmeniň» geçen dynç günleri dünýädäki girdeji ýygymy 248 mln dollardan geçdi

  • 09.03.2022 18:02
  • 4k+

Geçen dynç günleri aktýor Robert Pattinson bilen “Betmen” filmi Birleşen Ştatlarda özüniň ilkinji prokatynda 128,5 mln dollar gazandy. Bu pandemiýa döwründe “Möý adam: Öýe ýol ýok” filminden soň bir uik-endiň dowamynda 100 mln dollar bellikden geçen ikinji filmdir. Halkara prokatynda “Betmen” 74 daşary ýurt bazarynda 120 mln dollar gazandy. Onuň dünýädäki umumy girdeji ýygymy 248,5 mln dollara barabar boldy diýip, riafan.ru belleýär.

Bu Betmen baradaky filmiň önümçiligi bilen meşgullanan Warner Bros. studiýasy üçin gowy habar, sebäbi ol kinolentanyň diňe döredilmegi üçin 200 mln dollar maýa goýdy diýip, “Variety” habar berýär. Ýene birnäçe million dollar bolsa mahabata we distribusiýa sarp edildi. 

şu gün 00:57
768

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
558

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
671

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.3k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......