Kowington UFC 272-niň esasy söweşinde Maswidaldan üstün çykdy

  • 07.03.2022 08:03
  • 4.6k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) amerikaly söweşijisi Kolbi Kowington liganyň Las-Wegasda (ABŞ) geçirilen 272-nji belgili turnirinde watandaşy Horhe Maswidaldan üstün çykdy. Ýarym orta agramly söweşijileriň tutluşygy bäş raund dowam etdi we emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi netijesinde 34 ýaşly Kowingtonyň ýeňmegi bilen tamamlandy.

UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony üçin bu ýeňiş karýerasyndaky 17-nji boldy, onuň üç ýeňlişi bar. 37 ýaşly Maswidalyň hasabynda 35 ýeňiş bilen 16 ýeňliş bar.
Agşamyň ikinji möhüm söweşinde ýeňil agramda UFC-niň eks-çempiony braziliýaly Rafael Dos Anýos watandaşy Renato Moýkanodan üstün çykdy. 


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......