Formula-1 Russiýada Gran-pri ýaryşyny geçirmek baradaky şertnamasyny ýatyrdy

  • 04.03.2022 17:13
  • 4.7k+

Formula-1 Russiýanyň Gran-pri baýragy ugrundaky ýaryşyň geçirilmegi baradaky şertnamany bozýandygyny yglan etdi. Şeýlelikde, owal 2022-nji ýylyň senenamasyndan aýrylan Russiýada geçirilmeli tapgyr 2023-nji ýylda-da, soňam dünýäniň çempionatyna dolanyp gelmez diýip, championat.com habar berýär.

«Formula-1 Russiýanyň Gran-prisiniň promoutýory bilen baglaşan şertnamasyny bozandygyny tassyklap biler. Munuň özi Russiýanyň geljekde ýaryşlary geçirmejekdigini aňladýar» — diýip, Formula-1-iň gysgaça beýannamasynda aýdylýar.

2022 ýylda Russiýanyň Formula-1 Gran-Prisi Leningrad oblastynyň täze «Igor Draw» geçelgesine geçilýän ýerde «Soçi Awtodromda» soňky gezek geçirilmelidi. «Rosgonki» promouter-kompaniýasy bilen Formula-1-iň arasyndaky häzirki şertnama 2025 ýylyň aýagyna çenli hereket etmelidi.

Russiýanyň Gran-Prisi 2014 ýyldan bäri geçirilip gelinýärdi. Ähli ýaryşlar Soçi trassasynda geçirilýärdi. Ähli Gran-Prilerde «Mersedesiň» wekilleri öňdeligi eýeläp gelýärdiler.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 12:15
2.1k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....