ABŞ-da 6,6 mln dollara ada satuwa çykaryldy

  • 01.03.2022 22:50
  • 12k+

ABŞ-da “Ekiz şäherler” – Minneapolis bilen Sent-Poluň golaýynda ada satyn almak teklibi hödürlendi. Bu emläk 6,6 mln dollara satuwa çykaryldy diýip, New York Post habar berýär. Muny lenta.ru ýetirýär.

Bald Eagle adasy 82 akr meýdany eýeleýär. Onda diňe bir ýaşaýyş jaýy – meýdany 930 müň inedördül metr bolan bäş ýatylýan otagly we alty hammamly üç gatly jaý ýerleşýär. Onuň içinde kinoteatr, iki bar we badminton meýdançasy bar. Daşynda ulag jaýy, doklar we howa ýassygynda hereket edýän gämi bar.

Bu gäminiň kömegi bilen şäherlere 20 minutda ýetmek bolýar. Gyş paslynda suw bilen syýahat etmek mümkin bolmaýar, ýöne adanyň häzirki eýesi Natan Landuççi ýylyň sowuk möwsüminde buzuň awtomobili götermek üçin ýeterlik derejede galyň bolýandygyny aýdýar. Landuççi bu emlägi 2016-njy ýylda 900 müň dollara satyn aldy. Onuň aýtmagyna görä, bahanyň şeýle ösdürilmegi obýekti satyn alandan soň geçiren uly göwrümli abatlaýyş işleri bilen baglanyşykly. Landuççi adadaky jaýyň ikinji ýaşaýjysy boldy. Ondan öň bu jaýda ony 1985-nji ýylda guran maşgala ýaşady.


şu gün 00:57
768

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......