Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar

  • 28.02.2022 18:44
  • 19k+

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýolbaşçysy Dana Uaýt bilen Islam Mahaçewiň geljegi barada maslahatlaşandygyny beýan etdi. Russiýaly türgen ESPN MMA ýaýlymynda çykyş etdi.

33 ýaşly Nurmagomedowyň bellemegine görä, UFC Mahaçewi ýeňil agramda häzirki çempion Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Jastin Getjiniň tutluşygynyň ýeňijisi bilen çykarmak isleýär. Şeýlelikde, Uaýt Mahaçewi guşaga dalaş edip bilerlik derejede görýändigini aňlatdy.
Mahaçew Las-Wegasda geçirilen UFC ýaryşynda Bobbi Grinden üstün çykdy. Russiýaly türgen guramanyň çäginde dowamly ýeňişleriniň sanyny ona ýetirdi.
Ilkibaşda Mahaçew Beneil Dariuş bilen söweşmelidi. Emma amerikaly türgen şikes alyp, söweşden ýüz öwürmeli boldy.
Oliweýra we Getji titul söweşini maý aýynda geçirer. Tutluşyk Braziliýada UFC-de geçiriler.


03.07.2025 10:25
10k+

Iliýa Topuriýa UFC-niň iň gowy söweşijileriniň umumy reýtinginde Islam Mahaçewden öňe geçdi

UFC Las-Wegasda (ABŞ) geçen dynç günleri geçirilen UFC 317 ýaryşyndan soň iň gowy söweşijileriň reýtingini täzeledi. Gruziýadan ýeňil agramda (70 kg çenli) çempion Iliýa Topuriýa UFC-niň Pound-For-Pound (agram derejesine garamazdan) umumy reýtinginiň başyna geçdi, ol birinji orundan russiýaly Islam Mahaçewi gysyp çykardy...

29.06.2025 12:13
13k+

Topuriýa birinji raundda Oliweýrany nokauta gidirip, ýeňil agramda UFC-niň çempiony boldy

Ispan-gruzin gelip çykyşly söweşiji Ilýa Topuriýa UFC-niň ýeňil agram derejesindäki boş guşagyň täze eýesi boldy. Ol UFC 317 ýaryşynyň esasy söweşinde braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňdi. Ýaryş 29-njy iýunda Las-Wegasda geçirildi...

28.06.2025 17:03
10k+

UFC 317: Topuriýa bilen Oliweýranyň titul söweşini nirede we haçan görüp bolar?

29-njy iýunda irden Las-Wegas şäherinde (ABŞ) UFC 317 turniri geçiriler. Turniriň esasy çäresi Ispaniýadan gruziýaly pälwan Iliýa Topuriýa bilen braziliýaly Çarlz Oliweýranyň arasynda ýeňil agram (70,3 kg-a çenli) boýunça boş galan çempionlyk titulynyň ugrundaky uruş bolar...

23.06.2025 13:49
10k+

Agyr agramda UFC-niň çempiony Jon Jons karýerasyny tamamlady. Guşak Aspinalla geçdi

Agyr agramda UFC-niň çempiony Jon Jons 37 ýaşynda karýerasyny tamamlady. Bu barada söweş guramasynyň prezidenti Dana Uaýt Azerbaýjanda metbugat maslahatynda aýtdy. Bu ýerde UFC Fight Night ýaryşy geçirildi. “Jon Jons düýn agşam jaň edip, karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy...