Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy

  • 28.02.2022 18:13
  • 4.1k+

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy diýip, gazeta.ru habar berýär. Ikinji orunda serbiýaly Nowak Jokowiç ýerleşdi. Ilkinji üçlügi germaniýaly Aleksandr Zwerew jemledi. Dördünji orunda ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal, bäşinji orunda gresiýaly türgen Stefanos Sisipas ýerleşdi.

Jokowiç iň gowy tennisçi adyny soňky gezek 2020-nji ýylyň fewral aýynda ýitirdi. Medwedew taryhda Ýewgeniý Kafelnikow bilen Marat Safinden soň ATP reýtinginiň birinji ornuny eýelän üçünji russiýaly oýunçy boldy. 
Belläp geçsek, Kafelnikow 1999-njy ýylyň 3-nji maýynda dünýäniň ilkinji raketkasy boldy we alty hepde birinji orny saklady. Marat Safin bu reýtingde birnäçe gezek lider boldy, ol jemi dokuz hepde birinji orunda saklandy, yzygider birinji orunda bolsa dört hepde boldy. 

ATP-niň 28-nji fewraldaky reýtingi:

  1. (2). Daniil Medwedew (Russiýa) – 8 615 utuk;
  2. (1). Nowak Jokowiç (Serbiýa) – 8 465;
  3. (3). Aleksandr Zwerew (Germaniýa) – 7 515;
  4. (5). Rafael Nadal (Ispaniýa) – 6 515;
  5. (4). Stefanos Sisipas (Gresiýa) – 6 445.

08.06.2026 12:41
1.9k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....