iPhone 14 önümçilik tapgyryna girdi

  • 27.02.2022 10:13
  • 14k+

Taiwan Economic Daily-niň maglumatlaryna görä, Apple kompaniýasy iPhone 14 smartfonlarynyň önümçiligine başlady. Häzirlikçe gürrüň önümçiligiň synag tapgyry barada gidýär. 

Şeýle-de, Luxshare Precision kompaniýasynyň täze smartfonyň synag we köpçülikleýin önümçiligi üçin sargyt almandygy, şol sebäpli iPhone 14-i öndürip bilmejekdigi habar berilýär. Ýöne ol şu ýyl iPhone 14-i öndürmek üçin sargyt kabul etmegi maksat edinýär. Pudak kompaniýanyň şu ýyl ikinji uly iPhone şertnama öndürijisi bolmagyna garaşýar. Häzirlikçe Foxconn kompaniýasy esasy öndüriji bolmagynda galýar. Häzirki wagtda Apple-iň hyzmatdaşlarynyň arasynda sargytlary paýlamagy bilen bagly resmi teswiri ýok. Luxshare Precision hem bu maglumata teswir bermedi. 

Synag önümçiligine başlandan soň zawod maglumatlary ýygnamaly, gyşarmalary düzetmeli, önümçilik prosesine we kämilleşdirilmeli elementlere baha bermeli. Soňra ol synag önüminiň kabul ederliklidigine ýa-da däldigine baha bermeli. Şeýle-de, bu tapgyrda kompaniýa önüm üçin zerur bolan kämilleşdirmeleri barlaýar. Bu tapgyrdan soň köpçülikleýin önümçilige başlanylyp bilner.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....