Boks boýunça absolýut dünýä çempiony Alwares russiýaly Biwol bilen söweşer

  • 27.02.2022 09:33
  • 6.8k+

76,2 kg çenli agram kategoriýasynda boks boýunça absolýut dünýä çempiony meksikaly Saul Alwares 79,38 kg çenli agram kategoriýasynda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) wersiýasyna görä dünýäniň super çempiony russiýaly Dmitriý Biwola garşy söweşer. Bu barada DAZN akym hyzmatynyň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.

Söweş 7-nji maýda geçiriler.
Alwares 31 ýaşynda, ol 2021-nji ýylyň 7-nji noýabrynda 11-nji raundda nokaut bilen amerikaly Kaleb Planty ýeňenden soň, absolýut dünýä çempiony boldy. Onuň hasabynda 57 ýeňiş (39-sy nokaut bilen), bir ýeňliş we iki deňme-deňlik bar.
Biwol 31 ýaşynda, 21-nji dekabrda ol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen watandaşy Umar Salamowy ýeňip, dünýäniň super çempiony titulyny gorady. Russiýaly boksçynyň hasabynda 19 ýeňiş (11-si nokaut bilen) bolup, ýekeje-de ýeňlişi ýokdur. 


30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....