Halkara synçylar topary saýlawlara gözegçilik etmek üçin Türkmenistana geldi

  • 26.02.2022 07:32
  • 8.7k+

12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gözegçiligi amala aşyrmak üçin halkara synçylar topary anna güni Moskwadan Türkmenistana geldiler. Bu barada anna güni Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

«25-nji fewralda RF-niň S7 awiakompaniýasynyň Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça amala aşyran nobatdaky ýörite uçuşy arkaly Russiýa 170 adam uçdy, Türkmenistana bolsa ýakynda geçiriljek Prezident saýlawyna gözegçilik etmek üçin halkara synçylar topary getirildi» diýlip ilçihananyň saýtynda habar berilýär.

Häzirki wagtda ýurtda saýlaw möwsümi, hususan-da, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi saýlaw topary Prezident wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......