Daniil Medwedew indiki hepdeden dünýäniň birinji raketkasy bolar

  • 25.02.2022 18:43
  • 5.3k+

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew dünýäniň birinji raketkasy bolar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

24-nji fewralda Meksikanyň Akapulko şäherinde çykyş edýän Medwedew ispaniýaly Pablo Anduharadan üstün çykdy. Russiýaly türgen 6:1, 6:2 hasap bilen üstün çykdy we çärýek finala çykdy. 24-nji fewralda şeýle hem Professional tennisçileriň assosiasiýasyny (ATP) reýtinginde birinji duran tennisçi Nowak Jokowiç Dubaýda ATP-500 kategoriýa ýaryşynda ýeňildi. Serbiýaly türgen çehiýaly Irži Weselydan asgyn geldi.
Şeýlelikde, Medwedew 8525 utuk toplap, Jokowiçden öňe geçdi. Serbiýaly türgeniň hasabynda 8465 utuk bar. Täzelenen reýting 28-nji fewralda elýeterli bolar.


08.06.2026 12:41
1.8k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....