Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň dalaşgäri Lebapda duşuşyk geçirdi

  • 25.02.2022 09:28
  • 6.2k+

24-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

Dalaşgäriň ynanylan wekili J.Töräýew bu ýere ýygnananlary B.Meredowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, onuň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynda hem-de dolandyryş edaralarynda dürli wezipelerde işläp, tejribe toplandygyny hem-de ýolbaşçylyk ukybyny görkezendigini belläp, hemmeleri saýlaw gününde işjeňlik görkezmäge çagyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen dalaşgäre söz berildi. Ol saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Şolaryň hatarynda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwlet tarapyndan giň şertleriň döredilmegi arkaly ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmäge ukyply bazar ykdysadyýetini kämilleşdirmek bar.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3.2k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......