Nýu-Ýorkda liliýalar bilen örtülen energiýa tygşytlaýjy diň peýda bolar

  • 24.02.2022 08:11
  • 8.9k+

Nýu-Ýorkda bölekleýin Aziýanyň liliýalary bilen örtüljek fasad bilen energiýa tygşytlaýjy Lilly diňi gurlar. Bina energiýanyň az sarp edilişi we daşky gurşawa minimal täsiri bilen tapawutlanar. Taslamanyň üstünde ABŞ-dan Studio Vural kompaniýasy işledi. Bu barada Dezeen habar berýär.

Bina 1923-nji ýylda gurlan gotika stilindäki American Radiator Building diňiniň gapdalynda ýerleşdiriler. Aziýanyň liliýalary baharda gyzyl, sary we mämişi reňkler bilen açylýarlar. Olar bütin ýylyň dowamynda ýaşyl öwüsýärler.
Bellenilişi ýaly, bu liliýalar sada bolandygy we aýratyn idegi talap etmeýändigi üçin saýlanyldy. Güller polat karkasyň kömegi bilen berkidilen ýeňil beton joýalara ekiler. 
Ösümlikler ýagyş suwy, şol sanda aryklar bilen suwarylar. Suwaryş üçin dronlar hem ulanylyp bilner. 


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....