Disney kompaniýasy ABŞ-da ýaşaýyş zolaklaryny gurmagy meýilleşdirýär

  • 20.02.2022 13:32
  • 5.1k+

Disney güýmenje kompaniýasy gozgalmaýan emläk bazaryna çykyp, ýaşaýyş ýerlerini gurmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç Storyliving by Disney diýlip atlandyrylýar we ol ýaşaýyş ýerlerini öz içine alýar, olaryň ilkinjisi Kaliforniýadaky Ranço Mýurreýde gurlar.

Ilkinji ýaşaýyş toplumy Cuotino diýlip atlandyrylyp, dürli ýaşdaky adamlar üçin niýetlener. Emma käbir beýleki ýerler kompaniýanyň 55 we ondan uly ýaşly muşdaklaryny göz öňünde tutar. Bu ýerler ýaşaýjylar täze dost tutunyp, umumy gyzyklanmalary tapyp biler ýaly derejede hem-de Disney-iň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp taslamalaşdyrylar. “Eýýäm tas ýüz ýyl bäri Disney dünýädäki adamlaryň ýüregine we içki dünýäsine täsir eden wakalar bilen paýlaşýar” – diýip, Disney Parks, Experiences and Products bölümçesiniň başlygy Joş D’Amero aýdýar. 

Ol kompaniýanyň ikinji ýüzýyllyga girmegine taýýarlyk görülýändigi sebäpli, Disney jadysyny adamlara nirede bolsalar hem ýetirmegiň täze we özüne çekiji usullarynyň işlenip düzülýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Disney ýaşaýjylara çäreleri, seminarlary hem taslamalary hödürlär, ýaşaýjylar olara meýletinçi bolup gatnaşyp bilerler. Ýöne kärendeçilerden ýeňilliklerden peýdalanmak üçin ýörite ýaşaýyş jaý tölegi soralar. 

Disney gozgalmaýan emläk boýunça kompaniýa DMB Development bilen ilkinji jemgyýeti ösdürmegiň üstünde işleýär. Öýler üçin göz öňünde tutulýan baha mälim edilenok, ýöne kompaniýanyň wekili olaryň potratçy tarapyndan kesgitlenjekdigini we bazar şertlerine esaslanjakdygyny aýtdy. 


şu gün 00:57
768

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......