Virgin Galactic kosmosa uçmak üçin petek satyp başlady

  • 18.02.2022 13:26
  • 6.9k+

Virgin Galactic kompaniýasy 16-njy fewraldan suborbital uçuşlara petek satyp başlady. Kompaniýa şu ýylyň ahyryna çenli kosmosa syýahatçylary iberip başlamagy meýilleşdirýär. Birinji tapgyrda orbita müň adamyň iberilmegine, soňra masştabyň giňeldilmegine garaşylýar. Uçuşlar Nýu-Meksikodan amala aşyrylar we her uçuşyň dowamlylygy 90 minut bolar.

Petek 150 müň dollar möçberinde depoziti goşmak bilen birlikde 450 müň dollara düşer. Şeýlelik bilen, kompaniýa petek satuwyndan, takmynan, 450 mln dollar girdeji gazanyp biler. Virgin Galactic-iň ýolbaşçylygy gazanylan üstünliklere oňyn baha berýär. “Biz işimiziň ösüşini goldamak üçin özüne çekiji we netijeli satuw modelini işläp taýýarladyk” – diýip, kompaniýanyň täjirçilik we sarp ediş amallary boýunça prezident we müdir wezipelerini eýeleýän Bler Riç belledi.

Sişenbe güni geçirilen deslapky söwdalaryň dowamynda kompaniýanyň paýnamalary 12%, ýagny bir kagyz üçin 8,1 dollara çenli gymmatlady.

2021-nji ýylyň iýun aýynda, kompaniýany esaslandyryjy Riçard Brensonyň kosmosa uçmazyndan öň Virgin Galactic-iň paýnamalary rekordly 57,51 dollara ýetdi. Şondan bäri paýnamalar, takmynan, 86% arzanlady. 

şu gün 00:57
768

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
538

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
671

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.3k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......