Audi iki ykjam modelini önümçilikden aýyrýar

  • 15.02.2022 19:49
  • 8k+

Audi 2016-njy ýylda hödürlenen Q2 ykjam krossoweriniň mirasdüşerini çykarmak islemeýär. Şeýle-de, nemes kompaniýasy önümçilikden özüniň iň kiçi modeli bolan A1-i aýyrýar. Bu barada “Handelsblatt” neşirine Ingolştadtdan kompaniýanyň ýolbaşçysy Markus Dýusman aýtdy.

“Biz konweýerden A1 modelini aýyrmak, şeýle-de Q2-niň mirasdüşerini işläp düzmekden ýüz öwürmek kararyna geldik. Audi – premial brend, şonuň üçin biz “kiçi” modelleriň sanyny azaltmak hem-de has uly we abraýly ulaglaryň önümçiligine ünsi jemlemek üçin hatarymyzy gaýtadan gözden geçirmeli bolýarys” – diýip, Dýusman düşündirdi.

Audi A1 modeliniň indiki nesliniň bolmajakdygy barada 2021-nji ýylyň ortalarynda-da habar berildi, ýöne Q2 krossowerinden ýüz öwrülýändigi häzir belli boldy. Kompaniýa iň kiçi SUV-y 2016-njy ýylda hödürledi, dört ýyldan soň bolsa model täzelenmä eýe boldy.

Audi Q2 kuwwaty 116-dan 190 at güýjüne çenli bolan benzin we dizel hereketlendirijileri bilen hödürlenýär. Mundan başga-da, krossoweriň 300 at güýji bolan 2,0 litrlik “dört turbo” bilen enjamlaşdyrylan SQ2 sport modifikasiýasy bar.

Audi A1 we Q2 önümçilikden aýrylandan soň, Ingolştadtdan bolan kompaniýanyň “kiçi” wekili A3 bolar. 


09.05.2026 13:31
2.2k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...