Sotheby’s öýi dünýädäki iň uly gara almazy kriptowalýuta satdy

  • 14.02.2022 17:29
  • 6.4k+

Sotheby’s auksionynda ady mälim edilmedik satyjy agramy 555,55 karat bolan gara almaz “Enigmany” 4,3 mln dollara satyn aldy we onuň üçin kriptowalýuta bilen töleg geçirdi diýip, BBC News habar berýär.

Sotheby’s öýünde auksionyň ýeňijisiniň ady atlandyrylmady, ýöne söwdadan soň meşhur kriptowalýuta söýüjisi, işewür Riçard Hart twitterde almazy özüniň satyn alandygyny aýdyp, wideo ýüzlenmesini ýerleşdirdi.
“Enigmany” satuwa çykarmak kararyna gelen adamda bu almaz, takmynan, 20 ýyl saklandy we şu wagta çenli hiç ýerde görkezilmedi. 
“Enigma” agramy boýunça banan bilen deňeşdirip boljak almaz bolup, ol seýrek duş gelýän “karbonado” görnüşine degişlidir diýip, BBC belleýär. Häli-häzire çenli olar Braziliýada we Merkezi Afrikada örän seýrek tapyldy. Olaryň düzüminde diňe meteoritlerde diýen ýaly duş gelýän osbornit mineralynyň barlygy üçin olaryň kosmiki gelip çykyşy barada garaýyşlar hem bar. BBC-niň bellemegine görä, gara almazlar Ýeriň ýüzünde 2,6 – 3,2 mlrd ýyl mundan öň, dinozawrlaryň döremeginden ozal peýda bolupdyr diýlip hasaplanylýar. 

şu gün 00:57
768

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
538

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
671

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.3k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......