Gurbanguly Berdimuhamedow işini Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etmek kararyna gelendigini belledi

  • 12.02.2022 02:19
  • 50k+

Türkmenistanyň Prezidenti, şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipelerini ýerine ýetirýän Gurbanguly Berdimuhamedow toplan uly durmuş we syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýär.

Bu barada döwlet Baştutany anna güni Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde yglan etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu karara Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynyň ýaş ýolbaşçylara ynanylmagyndan ugur alyp gelendigini belledi. Türkmen Lideriniň çykyşynda belleýşi ýaly, ýaşlar häzirki zamanyň ruhy şertlerinde, ýokary talaplaryna laýyklykda, terbiýelenmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda döwlet Baştutany wezipesini eýýäm 15 ýyldan bäri ýerine ýetirip gelýändigini belledi.


düýn 16:02
809

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......