“Oskar” baýragyna dalaşgärler belli boldy

  • 10.02.2022 18:52
  • 8.3k+

Amerikan kinosungat akademiýasy “Oskar” baýragyna dalaşgärleri belli etdi. 94-nji baýrak gowşurylyş dabarasy 27-nji martda geçiriler. Bu gezek ol Los-Anjelesdäki Dolby teatrynda bolar. Geçen ýyl pandemiýa bilen bagly çäklendirmeler sebäpli, onuň esasy bölegi Union Station demirýol menziliniň amfiteatrynda geçdi diýip, TASS habar berýär.

Iň gowy film:

  • Deni Wilnýowyň “Dýuna” (Dune: Part one, 2021);
  • Jeýn Kempionyň “Itiň hökmürowany” (The Power of the Dog, 2021);
  • Stiwen Spilbergiň “Westsaýd taryhy” (West Side Story, 2021);
  • Kennet Brananyň “Belfast” (Belfast, 2021);
  • Rýusuke Hamagutiniň “Meniň ulagymyň ruluna geç” (Doraibu mai Ka, 2021);
  • Sian Hederiň “CODA: Ker ene-atalaryň çagasy” (CODA, 2020);
  • Adam Makkeýiň “Ýokaryk seretmäň” (Don’t Look Up, 2021);
  • Pol Tomas Andersonyň “Buýan pizzasy” (Licorice Pizza, 2021);
  • Gilýermo del Toronyň “Eýmençlikler alleýasy” (Nightmare Alley, 2021);
  • Reýnald Markus Griniň “Patyşa Riçard” (King Richard) filmi.

Iň gowy animasion film:

  • “Enkanto” (Encanto, 2021)
  • Maýkl Riandanyň “Mitçeller ulaglara garşy” (The Mitchells vs the Machines, 2020);
  • Ýonas Poer Rasmusseniň “Gaçyş” (Flugt, 2021);
  • Disney studiýasynyň “Raýýa we iň soňky aždarha” (Raya and the Last Dragon, 2021);
  • Enriko Kasarosanyň “Luka” (Luca, 2021) filmi;

Iň gowy animasion gysga metražly film:

  • Anton Dýakowyň “Boksbalet” (2019);
  • Joanna Kuinniň “Sungat işleri” (Affairs of the Art, 2020);
  • Hýugo Kowarrubiasyň “Bestiýa” (Bestia, 2021);
  • Den Ojari bilen Maýkl Pliziň “Robin” (Robin Robin, 2021);
  • Alberto Mýelgonyň “Aýna arassalaýjy” (The Windshield Wiper, 2021) filmi;

Iň gowy daşary ýurt çeper filmi:

  • Ýonas Poer Rasmusseniň “Gaçyş” (Flugt, 2021);
  • Paolo Sorrentinonyň “Hudaýyň eli” (E stata la mano di Dio, 2021);
  • Pawo Çoýning Doržiniň “Lunana: Ýak synp otagynda” (Lunana: A Yak in the Classroom, 2019);
  • Ýoakim Triýeriň “Dünýädäki iň ýaramaz adam” (Verdens verste menneske, 2021);
  • “Meniň ulagymyň ruluna geç” filmi;

Iň gowy aktrisa:

  • Nikol Kidman (“Rikardo bolmak” / Being the Ricardos, 2021);
  • Penelopa Krus (“Parallel eneler” / Madres paralelas, 2021);
  • Oliwiýa Kolman (“Nätanyş gyz” / The Lost Daughter, 2020);
  • Jessika Çesteýn (“Temmi Feýiň gözleri” / The Eyes of Tammy Faye, 2021);
  • Kristen Stýuart (“Spenser” / Spencer, 2021)

Iň gowy aktýor:

  • Hawýer Bardem (“Rikardo bolmak”)
  • Benedikt Kamberbetç (“Itiň hökmürowany”);
  • Uill Smit (“Patyşa Riçard”, 2021);
  • Denzel Waşington (“Makbetiň tragediýasy” / The Tragedy of Macbeth, 2021);
  • Endrýu Garfild (“Tik-tak...BUM! / Tick, tick… BOOM!, 2021).

Iň gowy režissýor:

  • Stiwen Spilberg (“Westsaýd taryhy”);
  • Jeýn Kempion (“Itiň hökmürowany”);
  • Rýusuke Hamaguti (“Meniň ulagymyň ruluna geç”);
  • Pol Tomas Anderson (“Buýan pizzasy”);
  • Kennet Brana (“Belfast”).
şu gün 00:57
768

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
538

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
671

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.3k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......