Ingenuity dikuçary Marsda 19-njy uçuşyny amala aşyrdy

  • 10.02.2022 16:25
  • 8.8k+

Ingenuity dikuçary Marsyň üstünde şu ýylda ilkinji we häzire çenli 19-njy uçuşyny amala aşyrdy diýip, NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasy habar berdi.

“Atmosferadaky ýokary tozan düzümi sebäpli birnäçe gijikdirmelerden soň 2022-nji ýylda Mars dikuçarynyň ilkinji uçuşyny bellemegiň wagty geldi” – diýlip, barlaghananyň Twitterdäki habarynda aýdylýar.

NASA-nyň maglumatlaryna görä, Ingenuity howada 100 sekunt bolup, 62 metr aralygy geçdi. 
Gyzyl planetada bolan döwrüniň dowamynda dikuçar 19 uçuşy amala aşyrmak bilen, Marsyň üstünde tas 34 minut bolup, jemi 4 km geçdi. Iň uzyn uçuş 9-njy boldy, şonda ol 625 metr geçdi. 2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Marsdaky ilkinji uçuşynda dikuçar üç metr ýokary galyp, Marsyň üstünde 39 sekunt boldy. Ingenuity enjamynyň diametri 1,2 metr we agramy 1,8 kg bolup, iki kamera bilen üpjün edilendir. Ol ýeri surata düşürmek üçin howada 20-30 sekunt saklanyp bilýär.
Ingenuity dikuçary bilen Perseverance marsohody 18-nji fewralda Gyzyl planetanyň üstüne üstünlikli gondy. Amerikan awtomatik planetara stansiýasy geçen ýylyň 30-njy iýulynda Marsa goýberildi.
Perseverance NASA tarapyndan Gyzyl planetany öwrenmek üçin iberilen bäşinji amerikan marsohodydyr.


11.06.2026 10:55
1.6k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
3.9k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....