Samsung kompaniýasy Galaxy S22 Ultra-ny ýaşyrmagyny bes etdi

  • 08.02.2022 15:52
  • 19k+

Galaxy S22 hatarynyň smartfonlarynyň anonsyna az gün galdy. Ýöne bu barada eýýäm köp maglumatyň ýaýrandygy sebäpli, Samsung geljekki täze önümler barada resmi materiallary gizlemegini-de bes etdi. 

Mysal üçin, AT&T dükanlarynyň birinde Galaxy S22 Ultra we S22 ýa-da S22+ şekillendirilen poster bar. Mundan başga-da, kompaniýa şol suraty Facebook-da hem ýerleşdirdi.
Şeýlelik bilen, eger kimdir biri haýsydyr bir sebäbe görä täze smartfonlaryň nähili boljakdygyna ýa-da esasy modellerde stilusyň bardygyna şübhelenen bolsa, bu şübheleri ýatdan çykaryp bolar.
Ýatlap geçsek, enjamlar 9-njy fewralda Samsung Galaxy Unpacked çäresinde görkeziler. 


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....