ÝKA kosmonawtlary Marsa çykarmagyň iň gowy usulyny mälim etdi

  • 06.02.2022 12:25
  • 7.6k+

Ýewropanyň kosmos agentliginiň hünärmenleri uky režiminiň Gyzyl planeta uçýan kosmonawtlar üçin iň gowy çözgüt boljakdygyny nygtaýarlar. Bu barada makala Neuroscience & Biobehavioral Reviews žurnalynda neşir edildi.

Mysal üçin, haçan-da aýylar uka gidenlerinde olar öz myşsalarynyň we süňkleriniň horlanmagynyň öňüni alyp, az serişdeleri peýdalanýarlar. Uky režimi kosmonawtlaryň agramsyzlyk ýagdaýynda bolup, öz myşsalaryny az ulanmaklary netijesinde bolup geçýän horlanmany saklamaga kömek eder.
Şeýle-de, ukuda bolan gözlegçilere ýaşaýyş üçin az iýmit we suw gerek bolar, bu hem ýeri we ýangyç çykdajylaryny tygşytlar. Aýratynam, Marsa uçmak üçin, takmynan, iki ýyllyk iýmit we suw ätiýajy gerek bolýar. Gibernasiýa ýagdaýynda ekipažyň metabolizm tizligi kadaly ýagdaýdan 25%-e çenli peselýär, bu hem zerur bolan azyk üpjünçiligini düýpgöter azaldýar.

“Adamyň gibernasiýasy ylmy fantastikanyň çäginden çykýar we kosmos syýahatlary üçin rewolýusion usul bolup biler” – diýip, ÝKA täze hasabatynda belleýär. Gürrüň üç aýdan dokuz aýa çenli dowam edýän uky barada gidýär.

Uky wagtynda ekipažyň agzalary ýatylýan kapsulalarda bolarlar. Olar bedeniň ýagdaýyna, temperatura we ýüregiň ýygrylma ýygylygyna gözegçilik etmek üçin dakylýan datçiklere berkidiler.
Ýumşak daşly konteýnerler pes ýagtylyk we ýokary çyglylyk bolan gurşawda ýerleşer. ÝKA-nyň maglumatlaryna görä, kosmonawtlar gyzmaýan we bedeniň rahat ýagdaýyny üpjün edýän eşikleri geýerler.

düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....