Pekin Olimpiadasy: biläýmeli maglumatlar

  • 05.02.2022 07:44
  • 19k+

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyny geçirmek üçin “Guş höwürtgesi” ady bilen tanalýan Pekiniň Milli stadiony saýlanyp alyndy. Hytaýyň paýtagty soňky ýyllarda ikinji gezek dünýä derejesindäki iri sport ýaryşyny kabul edýär. 14 ýyl mundan ozal Pekinde tomusky Olimpiada geçirildi. Şeýlelikde, HHR-iň paýtagty taryhda hem tomusky, hem gyşky Olimpiýa oýunlary geçirilen ilkinji şäher bolýar.

  • Häzirki gyşky Olimpiýa oýunlaryna Milli olimpiýa komitetleriniň 91-sine wekilçilik edýän milli ýygyndy toparlar gatnaşýarlar. Ýaryşlaryň geçiriljek sport desgalary hem-de türgenleriň ýaşamagyna niýetlenilen Olimpiýa şäherçeleri Pekinde, Çžanszýakouda we Ýansinde ýerleşdirildi.
  • XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň tumary Bin Dun Dun atly şadyýan we göwnaçyk panda boldy. Onuň geýnen kosmiki egin-eşigi ýatladýan, jadyly buzdan lybasy mümkinçilikleri çäksiz bolan täze tehnologiýalary hem-de geljek bilen arabaglanyşygy aňladýar. Olimpiadanyň tumary hökmünde pandanyň saýlanyp alynmagy geň däldir, çünki bu jandar Hytaýyň milli nyşanydyr.
  • 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň resmi nyşany “Gyş arzuwy” diýen ada eýe boldy. Onuň esasynda Hytaýyň “gyş” diýen harpy — iýeroglif goýuldy.
  • Şu ýyl geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy “Uçup barýan” diýlip atlandyrylýar. Ol galgap duran lentany ýatladýan spiral gurluşly bolup, ynsanyň ýagtylyga, parahatçylyga we kämillige tarap ýadawsyz ymtylmasyny alamatlandyrýar. Alawyň uglerodly süýüm serişdelerinden taýýarlanylandygy gyzyklydyr. Ol ýeňil, gyzgyna durnukly hem-de howany hapalaýan galyndylary bolmadyk wodorodda işleýär.
  • Gyşky Olimpiýa oýunlary — 2022-niň medallary “Tong Ksin” diýen ada eýe boldy, ol “Bilelikde bir bitewi ýaly” diýmegi aňladýar. Olaryň dizaýny jemlenen töwerekleri nefritden ýasalan gadymy Hytaý şaý-sepine esaslanandyr. Altyn, kümüş we bürünç medallar nusgawy görnüşde bolup, 2008-nji ýylyň tomusky Oýunlarynyň sylaglaryny ýatladýar.
  • “Umumy geljek üçin bilelikde” 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa, şeýle hem paralimpiýa oýunlarynyň resmi şygarydyr. Ol adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine hem-de ählumumy meseleleri ýeňip geçmegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny aňladýar. Bu koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan kynçylyklar bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir.
  • Pekin Olimpiadasynda dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşýän döwletleriň türgenleri sylaglaryň 109 toplumy (jemi 327 medal) ugrunda bäsleşerler.
  • 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 15 görnüşi boýunça ýaryşlar girizildi. Olar lyžaly bäsleşikler, lyžaly iki görnüşli sport ýaryşy, biatlon, dag lyžasy sporty, tramplinden lyžaly bökmek, fristaýl, snoubord, figuraly typmak, şaýbaly hokkeý, bobsleý, sani sporty, skeleton, konkili typma sporty, şort-trek, kýorling görnüşleridir.
  • Oýunlaryň ýapylyş dabarasy 20-nji fewralda Pekiniň “Guş höwürtgesi” stadionynda geçiriler.
  • XXIV gyşky Olimpiýa oýunlaryny guraýjylar onuň “ýaşyl” hem-de ýokary tehnologiýaly bolmagyny özleriniň ilkinji nobatdaky wezipeleri hökmünde kesgitlediler. 

02.02.2026 13:33
2.9k+

Kümüşden we galyndylardan ýasalan altyn: 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasynyň ýeňijilerine näme gowşurylar?

Islendik türgeniň iň uly arzuwlarynyň biri - Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmak. Adatça şeýle arzyly medalyň dizaýny ýaryşyň ideýasyny we guramaçy ýurduň medeniýetini şöhlelendirýär. Italiýa bolsa bu ýyl Milandaky we Kortina-d’Ampessodaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasy üçin ýönekeý we nepis konsepsiýany saýlady...

01.02.2026 11:41
8.4k+

Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

27.01.2026 01:06
1.2k+

Aziýanyň ýetginjekler oýunlary 2029-njy ýylda Daşkentde geçiriler

Daşkent şäherinde Aziýa Olimpiýa geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Çäräniň birinji gününiň esasy çözgüdi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň 2029-njy ýylyň Aziýanyň ýetginjekler oýunlarynyň paýtagty diýlip resmi taýdan tassyklanmagy boldy...

26.01.2026 17:25
4k+

Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş assambleýasyna gatnaşýar

26-njy ýanwarda Özbegistanyň paýtagtynda 45 döwletden wekiliýetleriň gatnaşmagynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Bu halkara sport çäresinde Türkmenistana ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet wekilçilik edýär...