«Köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Kanun taýýarlanylýar

  • 04.02.2022 10:39
  • 22k+

Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Mejlisini 2022-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň Meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada Hökümetiň 3-nji fewralda geçirilen mejlisinde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzir döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny hem-de türkmen jemgyýetiniň beýleki ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar. Şolaryň hatarynda Jenaýat, Raýat kodeksleriniň rejelenen görnüşleri, “Notariat we notarial işi hakynda”, “Itçilik we kinologiýa hakynda”, “Köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Kanuna ünsi çekip, eneligi we çagalygy goldamak, köp çagaly maşgalalara ýardam bermek boýunça ýurdumyzda geçirilýän işler bilen baglylykda, bu resminamanyň ähmiýetini belledi.


düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.9k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....