2022-nji ýylda dört sany Aý we Gün tutulmalary bolar

  • 03.02.2022 09:21
  • 16k+

2022-nji ýylda dört tutulma – iki Gün we iki Aý tutulmasy bolup geçer. Bu barada SputnikKazahstan-yň habarçysyna Manaş Kozybaýew adyndaky Demirgazyk Gazagystan uniwersitetiniň professory Andreý Solodownik gürrüň berdi.

Birinji Gün tutulmasy 30-njy aprelde bolar. Ýöne bu hadysanyň ähli fazasy Antarktiada, Günorta Amerikada we Ýuwaş umman akwatoriýasynda bolup geçer.
Ikinji tutulma doly Aý tutulmasy bolup, 16-njy maýda bolar. Ony Amerikanyň (Demirgazyk Amerikanyň günorta we gündogar böleginde), Afrikanyň we Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň ýaşaýjylary görüp bilerler.
Üçünji tutulma Gün tutulmasy bolup, bu hadysa 25-nji oktýabrda bolup geçer. Tutulma Günüň ýaşmazyndan biraz wagt öň bolar. Gün tutulmasy Gazagystanyň ähli territoriýasynda görner. “Tutulmanyň ähli fazasynyň umumy dowamlylygy dört sagada ýeter” – diýip, Andreý Solodownik aýtdy.
Dördünji tutulma doly Aý tutulmasy bolar we ol 8-nji noýabrda bolup geçer.


düýn 17:05
5.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.1k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.3k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......