Hindistan kriptowalýutalardan gelýän girdejä salgyt girizmegi maksat edinýär

  • 02.02.2022 13:44
  • 5k+

Hindistan kriptowalýutalardan we beýleki sanly aktiwlerden gelýän girdejilere 30% möçberinde salgyt salar. Bu barada Hindistanyň maliýe ministri Nirmala Sitharamanyň beýanyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär. Muny epravda.com.ua ýetirýär.

Agentligiň belleýşi ýaly, bu ädim bilen kriptowalýutalardan we NFT-den gelýän girdejiler Hindistanda salgyt salmagyň iň ýokary diapazonyna degişlidir. Hindistanda umumy göwrümi, takmynan, 400 mlrd rupiýa (5,37 mlrd dollar) kriptowalýuta aktiwleri bolan 15-den 20 milliona çenli kriptomaýadarlary bar. Hindi kriptobazarynyň göwrümi barada resmi maglumatlar ýok.

Bellenilişi ýaly, Hindistanda sanly walýutalaryň tarapdarlary üýtgeşmelere oňyn garaýarlar we resmi salgyt bazasynyň döredilmeginiň kriptobazary kanunylaşdyrjakdygyna umyt bildirýärler.

“Wirtual sanly aktiwlerden gelýän girdejilere 30 göterim möçberindäki salgyt, ýokary bolsa-da, oňyn ädim hasaplanýar, sebäbi ol kriptowalýutany kanunylaşdyrýar we kriptowalýutanyň hem-de NFT-niň mundan beýläk hem kabul edilmegi bilen baglylykda optimistik ýagdaýy görkezýär” – diýip, ZebPay kriptowalýuta biržasynyň ýerine ýetiriji müdiri Awinş Şekhar aýtdy.


30.05.2026 11:21
2.5k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.5k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

16.05.2026 09:24
5.3k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....