Çimaýew – Býorns söweşi 9-njy aprelde UFC 273-de geçiriler

  • 30.01.2022 23:55
  • 9.3k+

UFC-niň ýarym orta agramly söweşijileri Hamzat Çimaýew bilen Gilbert Býornsiň arasyndaky söweşiň senesi belli boldy. Söweş 9-njy aprelde UFC 273 turnirinde geçiriler we onda Aleks Wolkanowski bilen koreýaly Zombiniň hem-de Pýotr Ýan bilen Aljameýn Sterlingiň arasyndaky söweşler turniriň esasy söweşleri bolar. Bu barada sports.ru habar berýär.

UFC Çimaýew bilen Býornsiň arasyndaky söweşi 7-nji maýda Braziliýada UFC 274 turnirinde geçirmegi meýilleşdirdi, ýöne ýurda girmek üçin karantin düzgünleriniň üýtgedilmegi sebäpli söweşi ABŞ-a geçirmeli boldy. Indi UFC söweşi 9-njy aprelde geçirmek isleýär. Söweş Çimaýew ABŞ-a wizany almaga ýetişen ýagdaýynda tassyklanylar.
Çimaýewiň hasabynda MMA düzgünleri boýunça on söweşde on ýeňiş bar. 27 ýaşly Çimaýew oktýabrda UFC 267 turnirinde sambişn arkaly Li Szinlýany ýeňdi. 
Býornsiň hasabynda 20 ýeňiş we dört ýeňliş bar. 35 ýaşly Býorns iýulda emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Stiwen Tompsony ýeňdi. 


18.06.2026 22:41
8.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......