2021-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy

  • 29.01.2022 22:42
  • 6.1k+

28-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Iş saparynyň dowamynda Serhetýaka demir ýol menzilinde hem-de onuň çäklerindäki degişli gulluklarda bolnandygy we serhet geçelgesinden wagonlary wagtly-wagtynda kabul etmek hem-de ugratmak boýunça işleriň ýagdaýy bilen tanşylandygy barada hasabat berildi.

“Demirgazyk — Günorta” halkara demir ýol geçelgesinde ulanylýan teplowozlaryň sanawy hem-de olary netijeli ulanmak boýunça guramaçylyk ýagdaýlary öwrenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bereket — Serhetýaka we Bereket — Akýaýla demir ýol aralyklarynda işleýän teplowozlaryň sany artdyryldy hem-de Serhetýaka demir ýol menzilinde teplowozlara we wagonlara ýeňil abatlaýyş işlerini geçirýän, hyzmatlary ýerine ýetirýän deponyň işi ýola goýuldy. Şeýle hem Bereket demir ýol menziliniň wagonlary paýlaýjy parkynyň işi bilen tanşyldy we bu stansiýa goşmaça işçi güýjüni çekmegiň mümkinçilikleri öwrenildi. Onuň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kömekçi demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalaryny gysga möhletlerde taýýarlamak teklip edilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda biziň ýurdumyzyň çäginden geçirilen üstaşyr ýükleriň 3,5 esse artandygyny belläp, üstaşyr ýük gatnawlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.


düýn 19:01
1k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.9k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......