Hytaýda Olimpiýa obalary resmi taýdan açyldy

  • 29.01.2022 11:45
  • 5.7k+

2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň obalary penşenbe güni resmi taýdan açyldylar we dünýäniň ähli künjeginden myhmanlaryň köpüsini: türgenleri, wekiliýet agzalaryny we žurnalistleri kabul edýärler diýip, TASS habar berýär. 

Olimpiada ýaryşlary birbada üç ýerde geçiriler: Pekinde, Ýansin uýezdinde we Hebeý welaýatynyň Çžanszýakou şäherinde. Olaryň her birinde wekiliýetleri ýerleşdirmek üçin oba üpjün edildi. Umumylykda olar, takmynan, 5,5 müň türgeni we wekiliýet agzalaryny kabul edip bilerler.
23-nji ýanwarda üç oba bölekleýin işe girişdi we ilkinji wekiliýetleri kabul edip başlady. Ilkinji gün ol ýere Hytaýdan, Awstraliýadan, Kanadadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Finlýandiýadan we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan hem sebitlerinden wekiller geldi.
Olimpiadadan soň Pekindäki oba ýaşaýyş toplumyna öwrüler, Çžanszýakoudaky oba bolsa iş kwartaly bolar. Olimpiada günleri obalaryň çäginde sergiler, teatr çykyşlary we beýleki medeni çäreler geçiriler. 
Gyşky Olimpiýa oýunlary 2022-nji ýylyň 4-nji fewralyndan 20-nji fewraly aralygynda, Paralimpiýa oýunlary 4-nji martdan 13-nji mart aralygynda Pekinde geçiriler. 


06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

15.03.2026 19:17
2.3k+

Mercedes ýene-de öňde: Antonelli — «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş ikinji ýeňiji

«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Andrea Kimi Antonelli «Formula-1» çempionatynyň täze möwsüminiň ikinji tapgyry bolan Hytaý Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly Antonelli ýaryşlar tapgyrynyň taryhynda iň ýaş ýeňijileriň hataryna girdi...

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...