Milliarder Jeff Bezos ölüme garşy dermanyň döredilmegine 3 milliard dollar maýa goýdy

  • 24.01.2022 11:42
  • 25k+

Amerikaly milliarder we Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos “ölüme garşy” dermany döretjek Alto Labs startapyna üç milliard dollar maýa goýdy. Bu barada “The Conservation” habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Bu taslama ilkinji gatnaşyjylaryň biri britan farmasewtik kompaniýasy GlaxoSmithKline-iň öňki baş ylmy işgäri Hel Berron boldy. Şeýle-de, bu pikiri durmuşa geçirmek işine Nobel baýragynyň laureatlary Şinýa Ýamanaka we Jennifer Dudna hem goşuldy.
Alymlar “ölüme garşy dermany” öýjükleri gaýtadan programmirlemek, ýagny olaryň ýetişmedik ýagdaýyna gaýdyp gelmek prosesini öwrenmek arkaly döretmegi meýilleşdirýärler. Neşiriň belleýşi ýaly, bu taslamanyň üstünlikli boljakdygy belli däl, ýöne gözlegçileriň garrama garşy göreşde täze açyşlary edip biljekdigi çaklanylýar.


29.05.2026 23:01
4.8k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 19:00
1k+

NASA Aý bazasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady

NASA 2026-njy ýylda Aýa tarap guraljak üç sany uçarmansyz uçuşy mälim etdi we gymmaty 20 milliard dollar bolan Aý bazasyny döretmek maksatnamasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady....

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......