Norwegiýada «Taliban» Hereketiniň wekilleri bilen gepleşikler başlandy

  • 24.01.2022 01:14
  • 12k+

Norwegiýanyň paýtagty Osloda 23-nji ýanwarda «Taliban» hereketiniň wekilleri bilen Owganystanyň ilatyna ynsanperwer kömegi bermek boýunça gepleşikler başlandy. Bu barada Associated Press agentligine salgylanyp, Interfax habar berýär.

Owganystanyň wekiliýetine daşary işler ministri Amir Han Muttaki ýolbaşçylyk edýär. Gepleşikler Oslonyň myhmanhanalarynyň birinde, ýapyk tertipde geçirilýär.
Gepleşiklerden öň, «Talibanlaryň» wekiliýeti şular ýaly gepleşikleri gurandygy üçin Norwegiýa minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň «Ýewropa bilen oňyn gatnaşyklar üçin badalga» bolmagyna umyt bildirip, audioýazgy ýazdylar.
Gepleşikler üç günläp dowam eder.
«Taliban» üçin Ýewropa bu sapar ilkinji gezekdi. Ondan öň, wekiliýetiň resmi agzalary Katarda, Eýranda, Pakistanda Hytaýda, Russiýada we Türkmenistanda gepleşikleri geçirdiler.


06.04.2026 23:45
5.6k+

Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär....

11.02.2026 13:09
8.9k+

Türkmenistanyň Baş konsuly Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly B. Kabaýew (Mazary-Şarif şäheri) Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi...

29.01.2026 10:25
4.5k+

Emeli aňyň adaty zada öwrülen ýerleri: Ýurtlar boýunça ornaşdyrylyş kartasy

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň zähmete ukyply ilatynyň 16,1%-i emeli aňy ulandy. Bu görkeziji EA tehnologiýalarynyň entek jemgyýetiň diňe belli bir bölegine ýaýrandygyny we geljekde ösmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny aňladýar...

17.12.2025 11:58
6.7k+

Türkmenistan Owganystan boýunça Tähranda geçirilen maslahatlara gatnaşdy

Türkmenistan 14-nji dekabrda Tähranda Owganystan boýunça geçirilen ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Maslahatyň esasy maksady — ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin sebitara çemeleşmeleri utgaşdyrmakdan ybarat boldy...