Serdar Azmun indiki möwsümden Bundesligada çykyş eder

  • 23.01.2022 13:51
  • 13k+

Türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy, Sankt-Peterburgyň «Zenit» klubynyň hüjümçisi Serdar Azmun tomusda çykyş edýän klubyny üýtgeder. Ol Lewerkuzeniň «Baýeri» bilen şertnama baglanyşar. Şertnama 2027-nji ýyla çenli niýetlenilýär. Bu barada Bundesliganyň kluby resmi saýtynda yglan etdi.

Hüjümçi nemes klubyna erkin agent görnüşinde geçer.
27 ýaşly Azmun 2019-njy ýylyň fewralyndan bäri çykyş edip gelýän kluby bilen şertnamasynyň möhletini uzaltmazlyk kararyna geldi. 

«Azmun — dürli pozisiýalarda ulanyp boljak uniwersal hüjümçi. Ol ýyndam, kelle bilen oňat oýnaýar, töweregini oňat duýýar» - diýip, «Baýeriň» sport direktory Rusi Föller transferi teswirläp belledi.

«Ol diňe bir gol geçirmek bilen çäklenmän, hüjümi gurnamaga hem işjeň gatnaşýar. Utgaşykly futbola gatnaşýan futbolçy hökmünde ol «Baýer» üçin tüýs ýerine düşen oýunçy» - diýip Föller belledi.

Azmunyň özi Germaniýanyň çempionatynda çykyş etmekden aýratyn tolgunmany başdan geçirýändigini belledi.
Russiýada Azmun «Rubin», «Rostow» we «Zenit» klublarynda çykyş etdi. Ol türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň iň gowy şägirtleriniň biri.
Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde ol 60 oýunda 39 gol geçirdi. Gollarynyň sany boýunça ol milli ýygyndysynyň taryhynda üçünji orny eýeleýär.


şu gün 13:51
2.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......