Dünýäde ilkinji kosmosdaky kinostudiýa 2024-nji ýylda açylar

  • 23.01.2022 12:34
  • 5k+

Internetde dünýä boýunça ilkinji kosmosdaky kinostudiýanyň ýakyn wagtda açylyp bilinjekdigi baradaky maglumatlar peýda boldy. Bu barada Variety neşirine salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Ýakynda “Space Entertainment Enterprise” (SEE) kompaniýasynyň Halkara kosmos stansiýasynda goşmaça modul gurmaga hyýallanýandygy mälim boldy. Bu modulda sport meýdançasy we kinostudiýa ýerleşer. Taslamanyň 2024-nji ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

Bar bolan maglumatlara görä, SEE-1 moduly filmleri we teleýaýlym görkezişlerini öndürmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, onda aýdym-saz we sport çärelerini geçirmek mümkin bolar. Munuň özi hudožniklere, prodýuserlere we beýleki döredijilik adamlaryna  modulda mikrograwitasiýa şertlerinde kontent döretmegine mümkinçilik döreder diýlip garaşylýar. Şeýle hem, modulda bolup geçýän zatlaryň hemmesini göni ýaýlymda alyp görkezip bolýar.

şu gün 00:57
768

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
538

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
671

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.3k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......