Kompýuter satuwy rekord derejede ýokarlandy

  • 14.01.2022 09:13
  • 6.1k+

2021-nji ýylda kompýuter satuwy rekord derejeli boldy. Bu barada IDC agentliginiň hasabatynda aýdylýar diýip, lenta.ru habar berýär.

Iş we güýmenje üçin kompýuterlere hem-de personal gurluşlara bolan ýokary isleg bazaryň rekord derejede ösmegine sebäp boldy. Dokuz ýylda ilkinji gezek global PK üpjünçiligi 348,8 mln birlige ýetdi, bu hem 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 14,8 göterim köpdür. “Bu 2012-nji ýyldan bäri kompýuter bazarynda iň ýokary üpjünçilik derejesidir” – diýip, gözlegçiler belledi.

Hünärmenler kompýuter bazarynyň diňe bir pandemiýadan öňki derejesine gelmän, eýsem ondan ýokary bolandygyny aýtdylar. Hünärmenler 2021-nji ýyly PK bazarynyň ösüşiniň we şeýle görnüşli önüme islegiň ýokarlanan ýyly diýip bellediler. Kompýuterler kärhanalarda-da, sarp edijileriň arasynda-da islegli boldy.

Hasabatyň awtorlary ösüşiň has ýokary bolup biljekdigini, ýöne onuň bölekleriň ýetmezçiligi we üpjünçilik zynjyry bilen bagly meseleler sebäpli çäklendirilendigini bellediler. Bu, esasanam, täjirçilik dewaýslarynyň segmenti üçin kyn boldy.

2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde bu segmentiň lideri 23,5% paý bilen Lenovo boldy. Kompýuterler bilen üpjün edijileriň bäşligine HP, Dell, Apple we Asus hem girdi. 2021-nji ýylda iň uly ösüşi – 17,9% – Dell kompaniýasy görkezdi. 

şu gün 00:57
768

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
538

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
671

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.3k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......